May 26, 2022 15:31 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gürjüstanyň Prezidentine we halkyna ýüzlenip, bu ýurduň Milli gününiň gelmegini gutlady.

Prezidentiň habar ýetiriş bazasyna görä, Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün (penşenbe) Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabişwilä ýüzlenip, ýurduň milli gününiň gelmegini gutlady.

Eýranyň prezidentiniň ýüzlenmesinde iki ýurduň medeni we taryhy baglanyşyklaryna we iki ýurduň dürli-dürli we köp mümkinçiliklerine bil baglap, Eýran Yslam Respublikasy bilen Gürjüstanyň arasynda ähli syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňelmegine şaýat bolmaklygy umyt edýärin diýilip getirilýär.