May 26, 2022 16:03 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Güýçli we dowamly ýadro şertnamasyna çynlakaý çemeleşýäris

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şweýsariýada geçirilen Dawos sammitiniň çäginde: Güýçli we dowamly ýadro şertnamasyna çynlakaý çemeleşýäris we diplomatiýanyň gapysyny açyk saklarys diýdi.

Baýden administrasiýasynyň işgärleri, Trump administrasiýasynyň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatyny tankytlaýarka, Ak tam Eýrana garşy sanksiýalary girizmegi dowam etdirýär.

Şu gün (penşenbe) Dawos sammitiniň çäginde Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdoullahian" CNN telekanalyna beren interwýusynda ýadro şertnamasyny dikeltmek üçin ýakynda täze bir başlangyç etdik we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden iň ýokary basyş syýasatyny bes etmelidir diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri sözüniň  dowamynda 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek, Eýranyň halkara ykdysady işlerine gaýdyp gelmegi bilen baglanyşyklydyr diýdi.

"Amir Abdulhian" şeýle-de ABŞ-nyň sanksiýalary girizmekde däli boluşyna şaýat bolýarys we Wena gepleşikleri wagtynda Baýden Eýrana täze sanksiýalar girizdi diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Eýran-ABŞ gatnaşyklary meselesindäki ölçegi Amerikan tarapynyň özüni alyp barşyna baglydygyny aýtdy.

"Amir Abdulhian" şeýle-de Amerikan tarapyna ynanyp boljak derejä ýetmedik we özüni alyp barşynyň üýtgändigine ynanmaýarys diýdi.