Mohber: Eýranyň Russiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmek Tähranyň strategiki syýasatlaryndan biridir
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary, Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Russiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmek Tähranyň strategiki syýasatlaryndan biridir diýdi.
Düýn (çarşenbe) iki ýurduň resmileriniň gatnaşmagynda Tähranda bilelikde Eýran-Russiýa söwda konferensiýasy geçirildi.
Bu konferensiýada iki ýurduň dürli işewür toparlary we işgärleri duşuşyp, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, esasanam nebit we energetika pudagy ýaly dürli meseleler boýunça maslahatlaşdylar.
Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary we Bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň başlygy Aleksandr Nowak bilen duşuşykda Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Muhammet Mohber iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin maksatlar goýmagyň zerurdygyny aýtmak bilen Eýran-Russiýa hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki komissiýany bu maksada ýetmek üçin köpräk işlemäge çagyrdy.
Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary iki ýurduň arasynda syýasy we söwda wekiliýetleriniň alyş-çalşynyň artmagyna ünsi çekip bu saparyň dowamynda rus delegasiýasy bilen eýranly kärdeşleriniň arasynda oňyn we konstruktiw gepleşikler geçirildi we dürli ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlary gözden geçirildi diýdi.