May 26, 2022 18:50 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: Owganystanda durnuklylygyň berkarar bolmagynyň şerti bu ýurtda giňişleýin hökümetiň gurulmagydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Hindistanyň premýer-ministriniň milli howpsuzlyk geňeşçisi bilen duşuşygynda Owganystanda durnuklylygy üpjün etmek üçin bu ýurtda giňişleýin hökümetiň gurulmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň dördünji mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana giden Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary admiral Ali Şamhani, Hindistanyň premýer-ministriniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Ajit Dual bilen duşuşdy.

Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Şamhani bu duşuşykda garaşsyz ýurtlaryň halkara arenasynda täze gatnaşyklaryň döremeginde işjeň rol oýnamak üçin üznüksiz maslahat we hyzmatdaşlygy gutulgysyz zerurlykdyr diýdi.

Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary sözüniň dowamynda Sebitiň howpsuzlygyna gönüden-göni täsirini göz öňünde tutup, Owganystanyň özgerişleri sebitleýin gepleşikleriň gün tertibinde hemişe durmaly esasy meseleleriň biridir diýdi.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, iki ýurduň arasynda Eýranyň üsti bilen hindi harytlaryny Owganystana ibermek baradaky öňki şertnamalara salgylanyp: Bar bolan päsgelçilikleri has köp zähmet tagalla bilen aýyrmaly diýdi.

Şamhani şeýle-de Çabahar portuny işjeňleşdirmek üçin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kabul ederlikli bolandygyna garamazdan häzirki hereketleri çaltlaşdyrmak iki ýurduň Merkezi Aziýa bazarlaryna çykmagyny üýtgedip biler diýip sözlerine goşdy.

Hindistanyň premýer-ministriniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Owganystandaky ýagdaýy, esasanam bu ýurtdaky terrorçylyk hereketleriniň dowam etmegini aladalandyryjy hasaplamak bilen Hindistanyň milli howpsuzlygyna howp salýan terrorçylyk toparlary Owganystanda häzirem bar we erkin işleýär diýdi.

Ajit Dowal iki ýurduň arasynda ykdysady, söwda we üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Tags