Jun 11, 2022 16:23 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tähranyň we Karakasyň strategiýasy duşmana garşy durmakdyr diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Seýid Ybraýym Raisi" şenbe güni Tähranda "Nikolas Maduro" bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy daşary syýasatda hemişe garaşsyz ýurtlar bilen gatnaşyklary gözledi we Wenesuela duşmanlaryň we imperializmiň sanksiýalaryna garşy çykdy we göreldeli çydam görkezdi diýdi.

Raisi Tähran bilen Karakasyň arasyndaky gatnaşyklary strategiki diýip atlandyrmak bilen doganlykly gatnaşyklarymyz dowam eder we iki ýurduň arasynda 20 ýyllyk resminama gol çekilmegi bu karary görkezýär diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de soňky 42 ýylda Eýrana garşy sanksiýalar we howplar köp boldy ýöne Eýran halky sanksiýalary ýurduň ösüşi üçin bir pursata öwürmek kararyna geldi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Halkyň, hökümetiň we Wenesuelanyň prezidentiniň islegi sanksiýalara garşy durmakdy we şonuň üçin şu gün bu ýurduň ykdysady ösüşi başlandy; Bu, garşylygyň we çydamyň işleýändigini we duşmany yza çekilmäge mejbur edýändigini hemmelere subut edýän gowy alamatdyr diýdi.

Raisi şeýle-de: Wenesuela bilen Eýranda ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk üçin gowy ädimler ädildi we bilimlere esaslanýan kompaniýalar we ylym we tehnologiýa merkezleri ​​bu ugurda tejribe alyşmaga taýyndyrlar diýip sözlerine goşdy.

Bu metbugat ýygnagynda Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro hem Eýran bilen Wenesuelanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin energiýa, nebit we gaz, nebithimiýa we nebiti gaýtadan işleýän zawodlar ýaly dürli möhüm ugurlaryň bardygyny aýtdy.

Wenesuelanyň prezidenti 18-nji iýulda Tährandan göni Karaksa we tersine uçuşynyň başlanjakdygyny habar berdi.

Maduro çykyşynyň başga bir bölüminde Eýranly we Wenesuelaly ýaşlar geljek dünýäsiniň imperializmiň garşysynda deňlik we adalat dünýäsidigini bilmelidirler diýdi.

Tags