Jun 17, 2022 16:37 Asia/Ashgabat
  • Jalali: Russiýa bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini Eýran ileri tutýandyr

Eýranyň Moskwadaky ilçisi Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda Eýranyň Russiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ähmiýet goýýandygyny aýtdy.

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy 15-18-nji iýunda Rosenkongs gaznasy tarapyndan "Täze dünýäde täze mümkinçilikler" ady bilen geçirilýär.

Fars habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali Sankt-Peterburgda geçirilen Halkara ykdysady forumda (SPIEF) eden çykyşynda "Biziň esasy wezipämiz goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek" diýdi.

Mundan ozal Kazem Jalali Tähranda Eýran-Russiýa bilelikdäki söwda konferensiýasynda "Eýran-Russiýa söwdasynyň 2019-nji ýylda 1,6 milliard dollardan 2021-nji ýylda 4,5 milliard dollara ýetendigini" -aýdypdy. Elbetde, iki ýurduň söwdany ösdürmek mümkinçiligi bu sanlardan has ýokary ".

Tags