Jun 18, 2022 08:10 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Goranmak Ministri: Goranmak ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň deňiz flotuny sebitdäki howplara laýyklykda täzeleýär

Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň Goranmak we Goldaw ministri Goranmak ministrligi sebitdäki howplara laýyklykda ýaragly güýçleriň deňiz güýçlerini täzeleýär.

Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Goranmak we Goldaw ministri ýurdyň günortasyndaky Hormozgan welaýatyna gurnan saparynyň gidişinde , Goranmak ministrliginiň Bandar Abbasdaky deňiz taslamalaryny baryp gördi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň Goranmak we goldaw ministri "Brigada generaly Muhammet Reza Aştiani, ýerüsti we suwasty gämileriň gurluşyk etaplaryny ýakyndan baryp gören mahaly Goranyşyň ähli ugurlarynda, şol sanda gury ýerde we howada, esasanam deňizde güýç ösüşi ýurduň goranyş maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir diýip yglan etdi.

Goranmak ministri, Eýranyň geosyýasy pozisiýasynyň, esasanam Pars aýlagynyň suwlarynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýdyp Goranmak ministrligi ýaragly Güýçleriň Harby deňiz güýçlerini ýaragly Güýçleriň zerurlyklaryna we sebitdäki ähli howplara laýyklykda täzelär we enjamlaşdyrar diýip nygtady.