Jun 19, 2022 13:38 Asia/Ashgabat
  • Prezident Raisiň Gazagystanyň prezidentini resmi garşy almagy

Saadabad taryhy-medeni toplumynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Gazagystanly kärdeşini resmi garşylama dabarasy geçirildi.

Eýranyň prezidenti bilen duşuşyklar, iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bilelikdäki ýygnagyny geçirmek we hyzmatdaşlygyň we memorandumyň birnäçe resminamasyna gol çekmek Gazagystanyň prezidentiniň Tährana bir günlük saparynyň meýilnamalaryndandyr.

Prezidentiň maglumat bazasynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün (ýekşenbe) Saadabadyň taryhy-medeni toplumynda Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart Tokaýewi resmi taýdan garşy aldy.

Dabarada, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gazagystanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soň, iki ýurduň prezidentleri dabaraly bölüme baryp gördüler we onsoň ýokary derejeli delegasiýalary biri-birine tanyşdyrdylar.