Jun 19, 2022 14:57 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian Borrele ýüzlenip: Beýleki tarap goşa standartlardan saklanmalydyr

Eýranyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde: Tähran paýhasly we netijelere esaslanýan gepleşikleri elmydama garşy alýandyr, ýöne gowy we dowamly ylalaşyk gazanmak üçin beýleki tarapyň goşa we gapma-garşylykly hereketlerini gyrakda goýmagy zerurdyr diýdi.

Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak we ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegi baradaky Wena gepleşikleri Waşingtonda syýasy erkiň ýoklugy sebäpli saklandy diýseň boljak mahaly, bu ýurt we Ýewropa üçlügi (Germaniýa, Angliýa we Fransiýa) Sionist režimiň basyş astynda we Halkara Atom Energiýasy Guramasy başlygy Rafael Grossiniň hemralygy bilen Eýrana garşy karar kabul etdiler.

Bu karar, Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlygyny äsgermezlik edýär; Şol sebäpli Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy, Agentlik bilen edýän hyzmatdaşlygyny azaltdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian we EUB-niň daşary syýasat başlygy Žozef Borrell şenbe güni agşam sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň soňky wakalary barada pikir alyşdylar.

Amir Abdullahian, Borrelliň ylalaşyk gazanmak ugrundaky tagallalaryna minnetdarlyk bildirip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşinde karar çykarmakdaky konstruktiw däl we howlukmaç hereketlerini tankytlamak bilen, gepleşikleriň dowam etdirilmegi baradaky haýyşynyň jogabynda: Tähran paýhasly we netijelere esaslanýan gepleşikleri elmydama garşy alýandyr, ýöne gowy we dowamly ylalaşyk gazanmak üçin beýleki tarapyň goşa we gapma-garşylykly hereketlerini gyrakda goýmagy zerurdyr diýdi.

Ol sözüniň dowamynda: Karar IAEA Dolandyryjylar Geňeşi tarapyndan çykarylandan soň, milletiň hukuklaryndan yza çekilmeýändigimizi görkezdik we Amerikanyň Birleşen Ştatlary konstruktiw däl hereketini dowam etdirmek islese, oňa laýyk jogap beriler diýip nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem biz henizem diplomatiýanyň iň oňat we iň laýyk ýol we çözgütdigine ynanýarys diýip beýan etdi.

EUB-niň daşary syýasat başlygy Žozef Borrell telefon arkaly beren interwýusynda gutarnykly ylalaşyga gelmekde oňyn rol oýnamak isleýändigini aýtmak bilen häzirki ýagdaýdan çykmagyň ýoly diplomatiýany ýöretmek we peýdasyz hereketlerden gaça durmakdyr diýdi.

Ýwropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Eýranyň oňat we dowamly ylalaşyk gazanmak üçin döredijilikli erkiniň bardygyny kabul etmek bilen Wenada ylalaşyk gazanmakdan uzak däldiris, şoňa görä indi gepleşikleri çalt dowam etdirip, dartgynlylygyň ýokarlanmagynyň öňüni almaga wagtyň gelendigini aýtdy.