Jun 19, 2022 15:49 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli hiç bir adamyň ölmändigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda hiç bir adam kowid-19 keseli bilen ölen däldir we bu keselden ölenleriň sany 141,363 adama galandyr.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 160 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 7,234,757 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 7 million 60 müň 446 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem geçen 24 sagatyň boýunda 14 müň 264 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 64 million 606 müň 203 adam birinji dozany, 57 million 946 müň 681 adam ikinji dozany we 27 million 669 müň 80 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 150 million 221 müň 964 doza ýetdi diýip yglan etdi.