Jun 19, 2022 18:49 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran bilen Gazagystanyň söwda mukdaryny 3 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak üçin gowy mümkinçilikleri bar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Gazagystanyň prezidenti bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda iki ýurduň söwdanyň mukdaryny 3 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti şu gün (ýekşenbe) ýokary derejeli syýasy we ykdysady wekiliýetiň başynda Eýranyň prezidentiniň resmi çakylygy bilen Tährana geldi.

Prezidentiň maglumat bazasyna görä, Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart Tokaýew bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Tährana eden saparyny iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşinde öwrülişik hökmünde häsiýetlendirdi we şeýle diýdi: Şu gün gol çekilen ýa-da ozal iki ýurduň arasynda gol çekilen memorandumlar Eýran bilen Gazagystanyň gatnaşyklary ösdürmek isleginiň möhüm nyşanydyr diýdi.

Şeýle hem Raisi, iki ýurduň arasynda oba hojalygy, senagat, transport we tranzit, energiýa, nebit we gaz pudaklarynda giň hyzmatdaşlygyň döredilip bilinjekdigini aýtdy.

Prezident Raisi iki ýurduň medeni we siwilizasiýa umumylyklaryny iki ýurduň arasyndaky örän oňat medeni gatnaşyklar üçin amatly platforma hasaplamak bilen şu gün geçirilen gepleşikleriň jemi, iki ýurdyň hyzmatdaşlygynyň we gatnaşyklarynyň giňelmegine ýol açdy diýdi.

Raisi şeýle-de Gazagystan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklardan başga-da, Eýran Yslam Respublikasy sebitdäki gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmek kararyna gelendigine, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ýewraziýa Bileleşigi ýaly sebit guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmek karara gelendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle hem, iki ýurt sebitde daşary ýurtlularyň bolmagy hiç hili howpsuzlygy üpjün etmejekdigi we sebitdäki haýsydyr bir meseläni çözüp bilmejekdigi bilen ylalaşýarlar we sebitdäki meseleleri diňe sebitdäki ýurtlaryň çözüp biljekdigi baradaky umumy ynama ynanýandyklaryny beýan etdi.

Gazagystanyň prezidenti ýygnakda iki tarapyň hem ykdysady we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin harytlaryň üstaşyr geçmegi we daşalmagy babatynda bar bolan mümkinçiliklerden we pursatlardan peýdalanmak isleýändigini aýtdy.

Tokaýew sözüniň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmakda täsirli rol oýnap biljek önümçilik we oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gowy gepleşikleri geçirdik diýdi.