Jun 19, 2022 21:28 Asia/Ashgabat
  • Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Gazagystanyň prezidenti bilen duşuşanda: Ukraina meselesiniň esasy kynçylygy, NATO-ny ösdürmek üçin Günbatarlylaryň meýilnamasydyr

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti we oňa hemra delegasiýa bilen geçirilen duşuşykda Ukraina meselesiniň esasy kynçylygy, NATO-ny ösdürmek üçin Günbatarlylaryň meýilnamasydyr diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri şu gün (ýekşenbe) Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Jormat Tokaýew we bilelikde wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygynda Ukraina bilen baglanyşykly meseleler boýunça şeýle diýdiler: Ukraina meselesinde esasy kynçylyk Günbataryň NATO-ny giňeltmäge synanyşmagydyr we mümkin boldugyça täsirini giňeltmekden çekinmezler.

Hezretleri şeýle-de biz zatlara we meselelere seresaplylyk bilen seretmeli we seresap bolmaly, sebäbi Amerikalylar we Günbatarlylar hemişe Gündogar we Günbatar Aziýa ýaly dürli sebitlerde täsir çäklerini giňeltmäge we halklaryň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pese gaçyrmaga synanyşýarlar diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky çuňňur taryhy we medeni gatnaşyklara ünsi çekip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de gatnaşyklary giňeltmek üçin zerur bolan syýasy we ykdysady meseleler boýunça sazlaşyklay möhüm hasapladylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Eýran bilen Gazagystanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyna yşarat edip: Eýranda müňlerçe ýyl bäri eserleri öwrenilen Yslam filosofy we Gazagystanly alym hökmünde Farabi medeni hyzmatdaşlygyň we iki ýurduň arasynda bilelikdäki ylmy komitetiň döredilmegi üçin esas bolup biler diýip beýan etdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisiň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşykda Gazagystanyň prezidenti Kasym Žormat Tokaýew Eýranyň prezidenti bilen gaty gowy söhbetdeş bolandygyny we iki tarapyň gol çeken resminamalary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hasam giňeltmäge ýol açyp biljekdigini aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky taryhy we medeni meňzeşlikleri çuňlaşdyrdy we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň Farabi barada ylmy komitet döretmek baradaky teklibini garşy aldy we sebitdäki meseleler we Ukrainadaky ýagdaýlar barada we geçen ýyl döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň öz ýurdundaky ýagdaýy suratlandyrdy.