Jun 20, 2022 11:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Golestan welaýatynda 4,9 ball ululykda ýer titremesi boldy

Şu gün irden (duşenbe) Eýranyň Golestan welaýatynyň gündogaryndaky Marawadepäniň serhetýaka sebitinde 4.9 ball ululykda ýer titremesi boldy.

Eýranyň metbugat habar gullugynyň habaryna görä, ýer titremesiniň merkeziniň Marawadepäniň 64 km aradaşlygynda, Türkmenistanyň Garrygala şäherinden 70 km aradaşlygynda we Marawadepäniň Güllidag obasynyň 80 km aradaşlygynda ýeriň 16 km çuňlugynda bolandygy habar berildi.

Eýranyň Golestan serhetýaka welaýatynda bir million 869 müň ilat bar.

Eýranyň Golestan welaýaty ýer titremeler, suw joşmalary, süýşmeler we tokaý ýangynlary sebäpli heläkçilige uçraýan sebitleriň biridir we soňky ýyllarda welaýatyň dürli ýerlerinde 950-den gowrak ýer titremesi bolup geçdi.