Jun 21, 2022 09:47 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň  Gazagystanyň prezidenti  bilen duşuşmaklary

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Gazagystanyň prezidenti bilen duşuşyp gürrüň etdiler.

  Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, ýekşenbe güni agşam Gazagystanyň prezidenti Kasem Žomart Tokaýew we onuň wekiliýeti bilen duşuşyp, Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky çuňňur taryhy we medeni gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň zerurdygyny aýtdylar.  

Aýatolla Hameneýi gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur bolan syýasy we ykdysady meseleler boýunça utgaşdyrma çagyryp,bilelikdäki komissiýany işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp,iki ýurduň arasyndaky şertnamalary ýerine ýetirmek we durmuşa geçirmek üçin iki tarapyň tagallalarynyň  güýçlendirilmegini maslahat berdiler.

Ykdysady diplomatiýany pugtalandyrmak esasynda , Aziýa we Ýewraziýa ýurtlary bilen bilen gatnaşyklary artdyrmaga we ykdysady we söwda gatnaşyklaryny berkitmek üçin goňşy syýasata ünsi jemlemek  Eýranyň 13-nji hökümetiň çynlakaý meýilnamalarynyň biridir. Döwlet baştutanlarynyň we wekiliýetleriniň Eýrana edýän saparlary we Eýranyň ýokary derejeli resmileriniň we wekiliýetleriniň goňşy ýurtlara edýän saparlary şu ugurdadyr. Rewolýusiýanyň Ýokary derejeli lideri öz çykyşynyň başga bir bölüminde şeýle diýdiler: "Meseleler ünsli gözegçilikde saklanmalydyr we seresap bolmaly, sebäbi Amerikalylar we Günbatar hemişe Gündogar we Günbatar Aziýa ýaly dürli sebitlerde täsir çäklerini giňeltmäge we olaryň garaşsyzlygna we abraýyna zarba urmakda synanyşýarlar diýdiler.

ABŞ-nyň Günbatar blogynyň lideri hökmünde maksady beýleki ýurtlaryň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni sütünlerine, esasanam dünýäniň duýgur we strategiki sebitlerine täsir etmek we syýasatlaryny syýasatlaryna laýyklaşdyrmakdy, makro syýasy, ykdysady, harby we howpsuzlyk maksatlarydyr.

 Şunuň bilen baglylykda, Sowet Soýuzy dargansoň we 15 respublikanyň, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň döredilmeginden soň, Günbatar bu sebite köp üns berdi we harby bazalary edinmek we bu ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin çäreleri gördi.  

Günbatar indi başga bir möhüm sebitde, Gündogar Ýewropada, Ukrainany NATO-a goşulmaga höweslendirmek we gündogarda NATO-ny giňeltmek synanyşygy bilen we  Ukrainany yzygiderli enjamlaşdyrmak we ýaraglandyrmak arkaly weýrançylykly söweş döredýär.   Aýatolla Hameneýi bu meselede şeýle diýdiler: "Ukraina meselesinde esasy mesele günbatarlylaryň NATO-ny ösdürmäge synanyşmagydyr  diýdiler.  

 

Tags