Jun 21, 2022 21:29 Asia/Ashgabat
  • General Salami: Sionist režimi peselip barýandyr

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi çarwadar şehitleriň gurultaýynda eden çykyşynda Sionist jemgyýeti peselip barýandyr diýdi.

Eýranyň çarwadar jemgyýetiniň 11,000 şehitini ýatlaýan ilkinji gurultaý Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň sargydy we Şahrekordaky Ymam Homeýniň (ra) adyny göterýän metjidinde Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Baş Serkerdebaşysynyň çykyşy bilen geçirildi.

EranPress habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi general-maýor Huseýin Salami şu gün (sişenbe) Şahrekordda Eýranyň çarwadar jemgyýetiniň 11,000 şehitini ýatlaýan ilkinji gurultaýda Eýran Yslam Respublikasynyň duşmanlary peselip barýandyr we häzirki wagtda Sionistleriň syýasy jemgyýeti baradaky habarlar hem munuň aýdyň mysalydyr diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi sözüniň dowamynda ABŞ-a serediň, ol hem hiç hili üstünlik gazanyp bilen däldir diýdi.

General-maýor Salami  şeýle-de Eýran güýçlenýär we Yslam respublikasy ýakyn wagtda dünýäniň iň güýçli döwletlerinden birine öwrüler we bu hakykat özüni görkezýär diýdi.

Tags