Jun 22, 2022 09:59 Asia/Ashgabat
  • Tähran BMG-nyň Eýran baradaky adam hukuklary baradaky hasabatyny berk tankytlaýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Ynsan Hukuklary baradaky Baş edarasy, BMG-nyň Eýran baradaky adam hukuklary baradaky hasabatyny berk tankytlady.

  Eýran Yslam Respublikasynyň Ynsan Hukuklary baradaky Baş edarasy, BMG-nyň Baş sekretary tarapyndan Eýran Yslam Respublikasynyň adam hukuklarynyň ýagdaýy barada BMG Adam Hukuklary Geňeşiniň 50-nji mejlisine  iberilen hasabata jogap hökmünde beýannama berdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ynsan Hukuklary baradaky Baş edarasy 40-dan gowrak sahypadan ebarat bolýan beýannamada şeýle diýilýär: "Adam hukuklary boýunça Baş sekretara hasabat bermek wezipesini bermek, bu dogry däl we logiki  hereket däl.  We gereksiz we hünärsizdir,çünki bu ugurda halkara bilermenlik mehanizmi bar diýilýär,

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş, Eýranda adam hukuklary ýagdaýy baradaky aýyplamalara salgylanyp, Eýranda adam hukuklary baradaky kanunyň durmuşa geçirilmegini tankyt etdi we bu meselelerde adam hukuklarynyň bozulmagy baradaky aýyplamalary öňe sürdi. Şeýle hem, Eýran Yslam Respublikasyny ,BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçylary bilen hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Eýranyň Adam Hukuklary boýnça Baş edarasy "Baş sekretar tarapyndan adam hukuklarynyň syýasylaşdyrylmagyny" tankytlady we Baş sekretaryň hasabatynda daşary ýurtlarda tussag edilen eýranlylaryň näme üçin agzalmaýandygyna yşarst edilip, Baş sekretar tarapyndan adam hukuklarynyň syýasylaşdyrylmagy kanun we adalatyň iň aç-açan we esasy ýörelgelerini, şol sanda "adamlaryň öňünde deňhukuklylyk ýörelgesini" we "diskriminasiýa ýol bermezlik ýörelgesini" bozýar dilip getirlendir.  

Eýran resmileri, Eýrana garşy adam hukuklary baradaky hasabatyň galp we resminamasyz subutnamalara esaslanýandygyny birnäçe gezek nygtadylar. Günbatar ýurtlary, ylaýta-da dünýäde adam hukuklaryny iň köp bozýan ýurtlaryň biri bolan ABŞ bu ýalan habarlary goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekili "Robert Mali" BMG hünärmenleriniň, esasanam Eýranda adam hukuklary boýunça hasabatçynyň çykyşlary barada twit ýazdy. ABŞ-nyň hökümetiniň adam hukuklary, şahsy we jemgyýetçilik hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we raýat hukuklary baradaky şygarlaryna garamazdan, ýurtda ýerli halklara we azlyklara zorlukly, adamkärçiliksiz we kemsidiji çemeleşmeler ýaly aç-açan adam hukuklarynyň bozulmagy bardyr.  

 

Tags