Jun 24, 2022 10:48 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Sebitiň geljegi baradaky karar sebitiň ilaty bilen

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni agşam Omanyň Daşary işler ministri Badr bin Hamad al-Busaidi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň sebit gepleşiklerine we hyzmatdaşlyga ünsi çekýändigini aýdyp sebitiň geljegi barada sebit halkynyň karar bermelidigini nygtap geçdi.

Eýranyň metbugat habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri "Hüseýin Amir-Abdollahian" bu telefon söhbetdeşliginde Tähranyň we Muskatyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny yzarlanmagyň we zerurlygynyň üstünde durup geçdi we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Omana eden soňky sapary wagtynda gazanylan dürli ölçegleri we ylalaşyklary yzarlamagyň we durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu telefon söhbetdeşliginde Ommanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň täze hökümetiniň sebit ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan çemeleşmesini möhüm hasaplady we Eýranyň prezidentiniň soňky sapary wagtynda gazanylan şertnamalary ýerine ýetirmekde çynlakaýdygyny yglan etdi.