Jun 25, 2022 23:00 Asia/Ashgabat
  • Borrelliň Tährana sapary; Wena gepleşikleriň dartgynlygy açylarmy?

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary , ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrelliň Tährana saparyny yglan etdi.

  Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary , Said Hatibzadeh ,ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrelliň Tährana saparyny yglan etdi.

  Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary , Said Hatibzadeh anna güni ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrelliň  Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian we Eýran Yslam Respublikasynyň beýleki işgärleri bilen Ýadro gepleşikleri we sebitleýin we halkara wakalar meseleleri boýunça gepleşikleri geçirjekdigini aýtdy.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Eýrana eden saparyny tassyklamak bilen twit ýazyp, diplomatiýanyň Ýadro şertnamasyna dolanmagynyň  ýeke-täk ýoludygyny aýtdy.

Borrell twitinde "Wena gepleşikleriniň utgaşdyryjysy hökmünde Tährana gidip, Eýranyň daşary işler ministri we beýleki degişli Eýran resmileri bilen duşuşaryn" -diýdi.

Borrelliň Tährana sapary baradaky çaklamalar penşenbe güni Tähranda Amir Abdullahian bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda geçirilen metbugat ýygnagy bilen başlandy; Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian Eýranyň Wena gepleşiklerinde baş gepleşik geçirijisi  Ali Bageri bilen ÝB-niň daşary syýasat başlygynyň orunbasary Enrike Mora bilen dowam edýän geňeşmelerine we özüniň Josep  Borrell bilen gatnaşyklaryna ünsi çekip,  Barjam barada geňeşmeleriň ýakyn wagtda geçiriljekdigini wada berdi.

Eýrana garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagy barada Wenada gepleşikleri 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda başlandy. Bu gepleşikler  sekizinji tapgyrynda, Jozef Borrelliň teklibi bilen   arakesme  döwre girdi we gepleşik geçirýänler syýasy geňeşmeler üçin paýtagtlaryna dolandylar; Şondan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ,Eýran we Barjam hakdaky  bikanun hereketleri sebäpli gepleşik etaby kyn ýagdaýa geldi.

Aslynda, Wena gepleşikleri saklandy, sebäbi Jo Baýden administrasiýasy, Trumpyň iň ýokary basyş syýasatyny tankytlamagyna garamazdan, bu basyş syýasaty  üýtgetmekden boýun gaçyrdy .

Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan, dowamly ylalaşygy kesgitläp biljek zat, sanksiýalaryň netijeli ýatyrylmagydyr.  

 

Tags