Jun 27, 2022 16:42 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti eziji düzgüniň hemişe munafyklar toparyny goldaýandygyny aýtdy.

1360-nji ýylyň 7-nji Tirinde agşam, Ýokary Kazyýetiň şol wagtky başlygy Aýatolla Seýid Muhammet Hosseýni Beheşti we dört ministr, birnäçe ministriň orunbasary, 27 mejlis agzasy we Yslam Respublikasy partiýasynyň bir topar agzasyny öz içine alýan 70-den gowrak meşhur syýasy şahsyýet bu partiýanyň baş edarasynda ýüze çykan partlamada şehit boldylar.

Kazyýetiň milli konferensiýasy şu gün (duşenbe) başlyklaryň sammit zalynda ýurduň üç güýjüniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýid Ybraýym Raisi" bu kazyýet mejlisinde, Kazyýet hepdeligini kazyýet dolandyryjylaryna we işgärlerine we zähmetkeş kazylaryna gutlamak bilen we 7-nji Tir şehitleriň we mazlum şehit Dr. Beheştiň ýat we hatyrasyny gadyrlap munafyklar topary eziji düzgüniň goldawy bilen rewolýusiýa frontuny, rewolýusiýa akymyny we rewolýusiýanyň nyşanlaryny fiziki taýdan öldürmek kararyna gelipdi diýdi.

Prezident Raisi şeýle-de 1360-njy ýyllaryň wakalary barada gürrüň gozgap bu ýyllarda  munafyklaryň köp ynkylaby şahsyýetleri öldürilendigini aýtdy.

Prezident şeýle hem: Bu 40 ýylda ýurtda bolup geçen her bir wakada we her bir pitnede, munafyklaryň aýak yzlaryny görmek bolýar diýmek bilen munafyklar häzirki ýagdaýda, agalyk ediji düzgüniň goldawy bilen erbetliklerini dowam etdirmäge synanyşýar, emma olar üstünlik gazanyp bilmeýärler we bilmezler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Raisi sözleriniň ahyrynda Şahid Beheştiniň mirasynyň we aň-düşünjeli ýolunyň dowam etjekdigini aýtdy.