Jun 27, 2022 22:00 Asia/Ashgabat
  • Raisi Türkmenistana sapar edýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Hazaryň kenarýaka döwletleriniň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gidýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, Hazaryň kenarýaka döwletleriniň altynjy sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdymuhamedowyň çakylygy boýunça Aşgabat şäherine sapar eder.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi çarşenbe güni (29-njy iýunda) Hazaryň kenarýaka döwletleriniň altynjy sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň syýasy we ykdysady işgärleriniň ýokary derejeli wekiliýetiniň başynda Türkmenistana barar.

Prezident Raisi bu saparda, Hazaryň kenarýaka döwletleriniň sammitine gatnaşmakdan we çykyş etmekden başga-da, sammite gatnaşýan ýurtlaryň prezidentleri bilen hem duşuşar we gürleşer.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň Prezident köşgi hem, Prezident Wladimir Putiniň çarşenbe güni (29-njy iýunda) Hazaryň kenar ýakasyndaky döwletleriň sammitinde Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi bilen duşuşjakdygyny yglan etdi.