Jul 01, 2022 13:56 Asia/Ashgabat
  • Tahterwançi: Amerikanyň Birleşen Ştatlary real hereket etse, ylalaşyk gazanyp bolar

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlary real hereket etse we borçlaryny ýerine ýetirmek üçin çynlakaý niýetleri görkezse, ylalaşyk uzak däl we el-ýeterde diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Majid Tahterwançi penşenbe güni BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň 2231-nji rezolýusiýanyň we ýadro şertnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky 13-nji hasabatyny gözden geçirmek baradaky Howpsuzlyk Geňeşinden soň bu matlaby žurnalistleriň öňünde aýtdy.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi şeýle-de geňeşde eden çykyşymda ýadro şertnamasynyň kynlyk bilen gazanylan köp taraply diplomatik üstünlikdigini we alternatiwanyň ýoklugyny we iň oňat wariantydygyny gaýtaladym diýdi.

Tahterwançi sözüniň dowamynda ýadro şertnamasynyň janlandyrylmagy we durmuşa geçirilmegini goldaýan güýçli habarlar aldyk. Şeýle-de bolsa, häzirki ýagdaýyň esasy sebäpleriniň ABŞ-nyň ýadro ylalaşykdan bikanun çekilmegi we sanksiýalaryň gaýtadan girizilmegi, şeýle hem Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň borçnamalaryny ýerine ýetirmäge syýasy isleginiň ýoklugydyr diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili şeýle-de ABŞ-nyň ozalky administrasiýasy halkara hukugynyň kesgitlenen ýörelgesini biperwaýlyk bilen pida edip, şertnamadan ýüz öwürdi we sanksiýalary gaýtadan girizdi, häzirki administrasiýa hem özünden öňkiň ýoluny dowam etdirip Eýrana garşy iň ýokary basyş we sanksiýalar syýasatyny dowam etdirýär diýdi.

Tags