Jul 01, 2022 17:15 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň hatyby: Günbatar Zaiýa ABŞ-nyň isleginiň çäginden çykandyr

Tähranyň juma namazynyň ymamy Günbatar Aziýa sebiti Amerikanyň isleg eradasynyň çäginden çykandyr we indi Gurany söýýän we güýçli musulman halklarynyň isleg eradasyndadyr diýdi.

Hojjatoleslam "Seýid Muhammet Hasan Abu Turabi Fard" şu hepde Tähranda juma namazda beren gürrüňlerinde: Käbir taraplaryň Günorta-Günbatar Aziýanyň sebitinde harby NATO-nyň döredilmegini nygtamaklarynyň sebäbini olaryň musulman ymmatynyň artýan güýjüne şaýat bolmaklarynyň alamaty bildi.

Hojjatoleslam Abu Turabi Fard şeýle-de Amerikan tarapyndan hakyna tutulan harby NATO-nyň sebitdäki halklaryň awtoritar hereketine garşy, täsirsiz we peýdasyz boljakdygyny aýtdy.

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy şeýle hem adalaty kesgitli ylahy borjy hasaplap şeýle diýdi: Her kim özüni owadanlamak üçin we jemgyýetde adalaty giňeltmek üçin elinden gelenini etmeli we adalata tarap ädim ätmeli.

Hojjatoleslam Abu Turabi Fard şeýle-de, Kazyýet hepdeligini ýatlap kanuny syýasy ulgamy bolmasa, adam kämilligine ýol ýok we netijeli ulgam dolandyryş we ýolbaşçylaryň hatarynda bolmalydyr diýdi.

1981-nji ýylyň 27-nji iýunynda Tähranda Yslam Respublikasy partiýasynyň mejlisler zalynda bolan partlamanyň netijesinde, ýokary Kazyýetiň başlygy Aýatolla "Muhammet Hosseýni Beheşti", 72 sany Eýranly syýasy we dini şahsyýetler bilen terrorçy munafyklar tarapyndan şehit boldylar.

Bu terrorçylykly hereketden soň, 22-28-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň senenamasynda Kazyýet hepdesi diýlip atlandyryldy. 

Tags