Jul 03, 2022 17:51 Asia/Ashgabat
  • Eýran mejlisiniň Daşary syýasat komissiýasynyň agzasy: Amerika adam hukuklaryny iň uly bozýanlaryň tarapdary

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat komissiýasynyň agzasy Amerikanyň adam hukuklarynyň iň uly bozujysyny Ysraýyl goldaýan ýurt hökmünde adam hukuklarynyň tarapdary we goldawçysy bolup bilmejekdigini aýtdy.

Eýranyň senenamasynda 27-nji iýundan 3-nji iýul aralygynda Amerikanyň adam hukuklary hepdeligi bellenildi. Bu at dakmak, esasanam Eýranyň halkyna garşy Amerikanyň köp sanly jenaýatyny ýatlamak maksady bilen edildi.

Amerikan adam hukuklary hepdeligi, Amerikan jenaýatlarynyň arkasyny okamak we dünýäde Amerikanyň adam hukuklarynyň bozulmagynyň mysallaryny öwrenmek üçin her ýyl Eýranda dürli maksatnamalar bilen bilelikde geçirilýän amatly pursatdyr.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy Abolfazl Amoui ýekşenbe güni Tähranda geçirilen Amerikanyň adam hukuklaryny aýan etmek konferensiýasynda Amerikalylar adam hukuklaryny içerde we daşarda kyn ýagdaýa öwrüp, adam hukuklaryny bozýanlaryň sanawyny yglan etmek üçin adam hukuklaryndan peýdalanýarlar, bu bir ýagdaýdadyr welin dünýädäki tussaglaryň dörtden bir bölegi Amerikadadyr diýdi.

Amoui sözüni dowam etdirip: Etnikleriň Adam hukuklarynyň bozulmagy Amerikanyň adam hukuklaryny goramak ukybynyň ýokdugyny aýdyň görkezýär. Olaryň dünýäde esasanam reňkli adamlar bilen iş salyşýanlarynda iň zorlukly polisiýalary bar diýip nygtady.

Amoui şeýle-de Amerikalylaryň adam hukuklary barada beýlekiler bilen söwda edýäändigini mälim etmek bilen Amerikada jyns taýdan deňsizlik gurlandygyny aýtdy.

Tags