Jul 03, 2022 21:24 Asia/Ashgabat
  • Amerika dünýädäki adam hukuklaryny iň möhüm we esasy bozýanlardan biridir

Eýran Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk Komissiýasynyň başlygy Amerikanyň adam Hukuklary Hepdesine salgylanyp, Amerikany dünýäde adam hukuklaryny iň möhüm we esasy bozýanlaryň biri hökmünde tanatdy.

Eýranyň senenamasynda 27-nji iýundan 3-nji iýul aralygynda Amerikanyň adam hukuklary hepdeligi bellendi; Bu at dakmak, esasanam Eýranyň halkyna garşy Amerikanyň köp sanly jenaýatyny ýatlamak maksady bilen edildi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýran Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk Komissiýasynyň başlygy Wahid Jalalzadeh ýekşenbe güni eden çykyşynda häzirki wagtda Amerikanyň hökümeti diňe bir beýleki halklar hakda däl, hatda öz ýurdunyň içinde we Amerikanyň raýatlaryna garşy adam hukuklaryny bozýan dünýädäki iň möhüm we esasy hukuklary bozýanlaryň biridir diýdi.

Jelalzadeh şeýle hem, reňkli we Latyn Amerikaly bolan 1100-den gowrak amerikan raýatynyň 2017-2020-nji ýyllar aralygynda Amerikan polisiýasy tarapyndan öldürilendigini sözüniň üstüne goşdy.