Jul 04, 2022 19:25 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Tähran-Baku gatnaşyklaryny gowulandyrmak sebitleýin hyzmatdaşlyga alyp gider

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda gowy gatnaşyklaryň ösdürilmegi sebitleýin hyzmatdaşlyga alyp barar diýdi.

Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň prezidentleriniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) sammitiniň çäginde geçirilen duşuşygyndan soň täze ösüş gazandy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri şu duşenbe güni irden Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahýanyň garşylamagy bilen Tährana geldi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi,şu gün duşenbeAzerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen bolan duşuşygynda Tähran bilen Bakuwyň arasynda dürli söwda, ykdysady we syýasy ugurlarda gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi we Eýranyň Azerbaýjan Respublikasy bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we pugtalandyrmak üçin çägi ýokdugyny belläp, gowy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli sebit hyzmatdaşlygyna alyp barjakdygyny aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri "Jeýhun Baýramow" hem bu ýygnakda iki ýurduň resmileriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ep-esli ýokarlanandygyny we hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň derejesine möhüm täsirini aýdyp Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky söwda mukdary geçen ýylda we şu ýylyň ilkinji 5 aýynda ep-esli ýokarlandy diýip yglan etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň sebit meselelerini sebit ýurtlarynyň özleri we daşarky adamlaryň gatyşmazlygy bilen çözmelidigi barada ylalaşýandygyny aýtdy.

Tags