Jul 19, 2022 21:22 Asia/Ashgabat
  •  Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Siriýanyň territorial bitewiligini goramaga ünsi çekdiler

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Siriýanyň territorial bitewiligini goramaga ünsi çekip , Siriýanyň demirgazygyndaky islendik harby hüjümi[ hökman Türkiýä, Siriýa we tutuş sebite zyýan ýetirer we terrorçylara peýdaly bolar diýip beýan etdiler.

 

Yslam rewolýusiýasynyň iň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi şu gün (sişenbe) Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we onuň wekiliýeti bilen bolan duşuşygynda Türkiýäniň we serhetleriniň howpsuzlygyny biz öz howpsuzlygymyz   hasaplaýandyrys  siz hem Siriýanyň howpsuzlygyny öz howpsuzlygyňyz hasaplaň diýdiler.   Siriýa meseleleri gepleşikler arkaly çözülmeli we Eýran, Türkiýe, Siriýa we Russiýa bu meseläni gepleşik arkaly çözmeli diýip Yslam rewolýusiýasynyň iň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi.

Türkiýäniň prezidenti, hem Türkiýäniň ,Siriýanyň territorial bitewiligi babatdaky pozisiýasynyň aýdyňdygyny aýdyp,Siriýanyň hökümetiniň syýasy proseslere başlamagyna garaşýarys diýdi. Astana sammitinde Siriýa meselesi gün tertibinde we gowy netijelere ýeteris diýip umyt edýäris diýip Rejep Taýyp Erdogan aýtdy . 

Astanaň parahatçylyk amalynyň gepleşikleriniň 7-njy döwüri Türkiýäniň prezidenti we Russiýanyň prezidenti we Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň gatnaşmaklary bilen şu gün Tehranda geçirilýär we   Siriýaniň konflikti  ara alynyp maslahatlaşylýar.

Soňky ýyllarda Eýran, Russiýa we Türkiýe  Siriýadaky 11 ýyldan gowrak konflikti bes etmek üçin "Astana Parahatçylyk prosesi" atly bir prosesi ulanýarlar, emma Eýran we Russiýa hökümetleri Başar al-Assadyň Siriýadaky kanuny döwletini goldaýarlar welin,Türkiýe Damask hökümetiniň käbir garşydaşlaryny goldaýar.

Türkiýäniň prezidenti, Siriýanyň demirgazygynda täze harby operasiýa başlajakdygyny habar berdi.

Türkiýäniň terrorçylyga garşy bahana bilen Siriýanyň demirgazygyndaky hüjümleri sebitdäki jedelli meseleleriň biridir. Eýran, Siriýa meselelerini syýasy ýollar bilen çözmegiň zerurdygyny öňe sürýär we syýasy çözgüdi Türkiýäniň howpsuzlyk aladalaryny azaltmagyň ýeke-täk çözgüdi hasaplaýar. Bu ugurda, soňky hepdelerde Eýranyň diplomatik enjamlary Siriýanyň we Türkiýäniň häkimiýetleri bilen maslahatlaşdy we Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian syýasy çözgüt tapmak üçin bu iki ýurduň resmileri bilen Ankara we Damaska ​​gitdipdi.

Mundan başga-da, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Türkiýäniň prezidenti bilen bolan duşuşygynda beren beýanatlarynyň başga bir bölüminde ,Amerika  we Sionist režimine bil baglamaly däldigini aýdyp palestina halkynyň ýeňişe ýetjekdigini aýdyp,Bu gün ne sionist režimi ne-de Amerika ýa-da beýlekiler palestinalylaryň çuňňur hereketlerini duruzyp bilmezler diýdiler.

 

 

 

Tags