Jul 27, 2022 21:13 Asia/Ashgabat
  • Ynkylapyň ýokary derejeli lideri: Eýranly zehinli aýaly Günbatar siwilizasiýasynyň ýalanlaryna möhüm zarbalary urdy

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri aýallar we hijap meselesine yşarat edip Hormatly we zehinli eýranly aýal, Günbatar siwilizasiýasynyň talaplaryna we ýalanlaryna iň uly we iň möhüm zarbalary urdy we olar bu meseleden gaty gaharlandylar diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokaryderejeli lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri şu gün (çarşenbe) Eýranyň boýdan başyndan gelen juma ymamlaryň ýygnagynda şeýle diýdiler: Bu meseleler Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň başyndan bäri hemişe gozgaldy we soňky döwürde hijap bahanasy bilen şol bir şowsuz synanyşyklar gaýtalanýar.

Aýatolla Hameneý Hezretleri şeýle-de sözüniň dowamynda: Birnäçe ýyl ozal geçirilen ýygnakda menden aýallar meselesinde Günbatara garşy nähili goragyňyz bar diýip soradylar, men "goragym ýok, hüjümim bar diýdim. Aýallary haryda öwürenler goramaly we jogap bermelidirler ".

Ynkylapyň ýokary lideri "ABŞ we Angliýanyň resmi we hökümet habar beriş serişdeleri we  hakyna tutulanlar näme üçin hijap bahanasy bilen aýallar meselesine gaýta-gaýta hüjüm etdiler?" Günbatarlylar hakykatdanam eýranly aýallaryň hukuklaryny goraýjylarmy? " diýen sowallary bermek bilen günbatarlylar, suwy Eýran halkyna ýapyp bilseler ýapardylar, kebelek çagalarynyň dermanlaryny gadagan edişleri ýaly we bu çagalara derman almaga rugsat bermeýänleri ýaly, indi günbatarlylar eýranly aýallara hakykatdanam duýgudaşmy?

Aýatolla HameneýiHezretleri şeýle-de Günbatarlylar bir aýal ahlak we dini çäklendirmelerden azat bolýança ösüp we ýokary ylmy, syýasy we jemgyýetçilik derejelerine ýetip bilmejekdigini ençeme ýyl bäri aýdýarlar, ýöne soňky kyrk ýylda eýranly aýallar yslamy hijap we Çadar ulanyp dürli ylmy, jemgyýetçilik, sport, syýasy, dolandyryş, ykdysady we medeni ugurlarda peýda bolup, uly üstünliklere we buýsançlara eýe bolup bildiler diýip nygtadylar.

Ynkylapyň ýokary ýolbaşçysy Yslam respublikasynyň günbatar siwilizasiýasynyň garşysyndaky beýik işini, ýagny günbataryň "diniň syýasatdan jida bolmagy" baradaky taslamasyny şowsyz edendigine yşarat edip Yslam respublikasy diniň şygary bilen diňe bir özüni gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem Eýranyň ösüşi bilen günbatarlylaryň din bilen syýasaty biri-birine gabat gelmeýän uzak möhletleýin tagallalaryna garşy çykdy şonuň üçin sionistleriň we olaryň kapitalistleriniň ýolbaşçylygyndaky Günbatar güýçleriniň mafiýasy we olaryň sergisi bolýan Amerika, bu ajaýyp hakykatdan gahardadyrlar we hemişe Yslam respublikasyna hüjüm etmegi meýilleşdirýärler diýdiler.