Jul 31, 2022 19:25 Asia/Ashgabat

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşiniň agzasy: Sionist režim Eýrana garşy durup bilmeýär şonuň üçin içaly hyzmatlaryny ulanmak arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň infrastrukturasyna yzygiderli hüjüm etmek isleýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň aňtaw ministrligi soňky birnäçe günüň dowamynda bildiriş Sionist režimiň içalyçylyk guramasynyň terrorçylyk amallaryny amala aşyrmak üçin Eýrana iberilen agentleriniň topary Ymam Zamanyň näbelli esgerler tarapyndan kesgitlenildi we haýsydyr bir bidüzgünçilik etmezden ozal tanalyp ähli operatiw elementleri gola salyndylar.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşiniň agzasy Şahriar Heýdari, EýranPress bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde: Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina halkyna berýän goldawy sionist režime güýçli täsir etdi we şonuň üçin bu režim elmydama Eýrana garşy gönükdirilen hereketleri maksat edinýär diýdi.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy şeýle-de Daşary işler ministrligi we Kazyýet ministrligi basyp alyjy Ysraýyl režimine garşy halkara guramalarynda şikaýat etmeli we halkara forumlarda Ysraýylyň Eýrana garşy içalyçylyk dildüwşükleri dünýäde terrorçylyk režimi hökmünde tanadylmaly diýdi.

Tags