Aug 04, 2022 13:17 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň daşary işler ministriniň “Bir Hytaý” syýasatyny goldamaga berýän ünsi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Eýranyň "Bir Hytaý" syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.

  Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Eýranyň "Bir Hytaý" syýasatyny goldaýandygyny aýdyp,Amerikanyň prowokatiw hereketleriniň halkara parahatçylygyna we durnuklylygyna howp döredýän çeşmä öwrülendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri çarşenbe güni ABŞ-nyň mejlisiniň başlygy Nansi Pelosiniň Taýwana eden saparyndan soň hytaý dilinde ýazan twitinde, ýurtlaryň territorial bitewiligine hormat goýmak halkara hukugynyň belli ýörelgelerinden biridir diýip aýtdy. Amir Abdollahian şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň bu çarçuwada bir Hytaýyň ýörelgesini goldaýandygy şübhesizdir we Amerikanyň öjükdiriji hereketleri halkara parahatçylygyna we durnuklylygyna howp döredýär diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Bir Hytaý syýasatyny goldaýandygyny yglan etmek Tähran bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklary mümkin boldugyça güýçlendirmek, şeýle hem Hytaýyň içerki işlerine ABŞ-nyň dahylçylykly syýasatlaryna  Eýranyň garşydygyny bellemek üçindir.

ABŞ-nyň Hytaýa garşy iň soňky prowokasiýasy, ABŞ-nyň mejlisiniň başlygy Nansi Pelosiniň sişenbe güni Taýwana eden gizlin we jedelli sapary boldy. ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy Nansi Pelosi Taýwan adasyna giden bir wagtyň özünde birnäçe hytaý söweş uçary Taýwan bogazyndan uçdy. Hytaýyň berk duýduryşlaryna we Pekiniň Taýwanyň töwereginde howa we deňiz türgenleşiklerini geçirmek ýaly hereketlerine garamazdan, emma Pelosi Waşingtonyň Taýwany goldaýan diýlip atlandyrylýan syýahatyny başdan geçirdi, bu hatda ABŞ-nyň bir Hytaýy ykrar etmek syýasatyna ters gelýär. Aslynda, ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygynyň hereketi Hytaýyň içerki işlerine dahylçylyk etmegi we Taýwany garaşsyz ýurt hökmünde ykrar etmegi aňladýar. Pelosi 1997-nji ýyldan bäri Taýwana baryp gören ABŞ-nyň iň ýokary wezipeli resmisi hasaplanýar. Hytaýyň Daşary işler ministrligi Pelosiniň Taýwanda bolmagyna jogap edip, bu hereketiň Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan "Bir Hytaý" ýörelgesine bilkastlaýyn dönüklik etmek bildi.

 

 

Tags