Aug 06, 2022 14:47 Asia/Ashgabat
  • Eýran Gaza garşy hüjümi ýazgardy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani, Sionist aparteid režiminiň Gazadaky wagşyçylykly hüjümini ýazgarmak bilen Palestiniň kanuny hukugy, Sionist režiminiň terrorçylyk hereketlerinden goranmakdyr diýdi.

Anna güni agşam Sionist režiminiň söweş uçarlary Gaza zolagynyň içindäki nyşanalara hüjüm etdi. bu režimiň söweş uçarlary şu gün hem Gaza zolagyna hüjüm etdi.

Palestina Saglyk ministrligi Gaza zolagynda Sionist režimiň eden hüjüminde şehit bolanlaryň sanyny şu wagta çenli 13 we ýaraly bolanlaryň sanyny 83 diýip yglan etdi.

EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani, sionist režimiň basyp alyjylykly hereketlerini jenaýatçylykly, başdangeçiriji we öjükdiriji hökmünde häsiýetlendirmek bilen bu jenaýatyň we bu režimiň Palestina we Gaza eden hüjüminiň jogapkärçiligi we netijeleri Ysraýylyň aparteid režimeine gönükdirilendir diýip yglan etdi.

Kanani sözüniň dowamynda: Palestina halkynyň we garşylyk toparlarynyň Sionist režiminiň agressiýasyna we terrorçylyk hereketlerine garşy hereket etmek we goranmak kanuny hukugydyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de ähli ýurtlary we halkara guramalary ezilen Palestina halkyny goramak we Sionist režiminiň terrorçylyk hereketlerini ýazgarmak boýunça kanuny, ahlak we adam jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Tags