Aug 07, 2022 16:24 Asia/Ashgabat
  • Kanani: Sionistleriň Gazadaky jenaýatlarynyň garşysynda halkara jemgyýetçiliginiň dymmagy gynandyryjy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionistleriň Gazada eden jenaýatlarynyň garşysynda halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklaryny goraýjylaryň dymmagy gynandyryjydyr diýdi.

Geçen anna gününden bäri Gaza zolagynyň dürli sebitlerinde sionist režimiň jenaýatçylykly hüjümlerine şaýat boldy we onuň netijesinde azyndan 11 adam şehit boldy, 81 adam ýaralandy.

Palestinanyň çydam toparlary hem, wagtlaýyn sionist režimiň Gazadaky hüjümlerine jogap edip, raketa hüjümleri bilen Gazanyň töweregindäki we Tel Awiwiň günortasyndaky şäherçeleri nyşana aldylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" öz twitterinde sionist režimiň jenaýatlary barada şeýle ýazdy: "Bular Sionist aparteid režiminiň Gazana garşy soňky hüjümlerinde nyşana alyp boljak mysallaryndandyr".

"Kanani" ýazgysynyň dowamynda  ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ysraýylyň özüni goramak hukugyny "doly goldaýandygyny" bellemeginiň meseläniň geň ýeridigini nygtady.