Aug 07, 2022 16:36 Asia/Ashgabat
  • Eýranda Koronanyň soňky statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 63 adamyň ölendigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 63 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 142,461 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 5475 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 7,440,422 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 7 million 106 müň 452 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.