Aug 07, 2022 21:19 Asia/Ashgabat
  • Sanksiýalary ýatyrmak baradaky Wenadaky gepleşikler

Sanksiýalary ýatyrmak baradaky Wenadaky gepleşiklerde Eýran Ýslam Respublikasy kanuny talaplaryny isleýär.

  Eýranyň gepleşik toparynyň geňeşçisi Muhammet Marandi şenbe güni agşam Wena gepleşiklerinde umumy öňegidişligiň gazanylandygyny, ýöne käbir meseleleriň çözülmelidigini aýtdy. Ol ýewropalylaryň we amerikalylaryň ýadro şertnamasy baradaky talaplaryny we kararlaryny Eýrana girizip bilmediklerini we Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy meselesiniň gepleşiklerde şert däldigini, ýöne günbatar metbugatynyň muny ulaltandygyny aýtdy.

Marandi şeýlede, Eýranyň ähli talaplary ýadro ýlalaşygynyň çäginde bolup, daşynda hiç zat ýokdy. Eýranyň gepleşik toparynyň geňeşçisi Muhammet Marandi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şertnama barada gowy ýazgylarynyň ýokdugyny mälim edip, ABŞ Eýranyň aladalaryny çözmek üçin kararlar kabul etmelidigini aýtdy. Marandi,Ösüş Eýran üçin möhümdir we ösüş dowam edýänçä gepleşikler dowam eder diýdi. Eýranyň gepleşik toparynyň geňeşçisi Muhammet Marandi şeýlede Biziň üçin möhüm zat adalatly ylalaşyga gelmekdir diýip nygtady.

Soňky birnäçe günüň dowamynda geçirilen gepleşiklerde Ýewropa Bileleşiginiň teklipleri we Eýranyň galan meseleler boýunça garaýyşlary bilen baglanyşykly gürrüň edildi we käbir öňegidişlikler gazanyldy, ýöne entek gutarnykly düşünişme ýokdyr. Bu, Eýranyň gepleşik toparynyň geňeşçisi Muhammet Marandiniň hem belläp geçen meselesidir. Bu nukdaýnazardan, geljekde hiç bir meseläniň Eýrana basyş güýji bolup galmazlygyny üpjün etmek, Eýranyň wekiliýetiniň nygtaýan iň möhüm meselelerinden biridir.

Möhüm mesele, çarşenbe güni Wenada başlanan sanksiýalary ýatyrmagyň täze tapgyrynda, käbir günbatar metbugatynda aýdylanlaryň tersine, Eýranyň ýadro ýlalaşykdan peýdalanmagyna päsgel berýän öňki meseleleriň hiç biri gün tertibinden aýrylmady .

Wenadaky sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşikleriň bu tapgyrynda Eýranyň talaplaryndan biri, Eýranyň ýadro maksatnamasyna garşy Eýranyň üç ýeri barada öňe süren ýadro programmasyna garşy esassyz talaplaryň geljekdäki ýagdaýyny kesgitlemekdir. Häzirki wagtda  çekişmeleriň möhüm bölegi bu meselä gönükdirilendir.

Bu meseläni çözmek we geljekde Eýran halkyna garşy basyş güýji hökmünde nädogry ulanylyp bilinjek meseläni aýyrmak möhümdir.

 

 

Tags