Aug 08, 2022 14:54 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Sionistler diňe güýç diline düşünýärler

Eýranyň Daşary işler ministri Sionistler zor aýtmak diline düşünýärler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Sionist režimiň Gaza zolagynda eden soňky hüjümlerinden soň Instagram sahypasynda Eýranyň diplomatik ulgamy, ýaranlary we goňşulary bilen maslahatlaşyp, sionist režimiň jenaýatyny ýazgarmak bilen, basyp alyjylaryň erbetliginiň öňüni aljak işjeň garşylygy hemişe gorar diýip ýazdy.

Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda: Bir wagtlar jenaýatlaryny deňizden derýa ýaýratmaga synanyşan sionistler, häzirki wagtda daş-töweregini doly izolýasiýa edip diwar gurýarlar we wagtal-wagtal köp gatly basyp alnan ýerlerdäki krizislerini gizlemek üçin aýal-gyzlara we çagalara garşy kör hüjümler edýärler we her gezek ýeňilenden we biabyraý bolandan soň öňküsinden has beter daş-töweregine diwar gurup başlaýarlar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, sionist režimiň Gaza zolagynda eden soňky hüjümlerinden soň Kataryň, Siriýanyň we Liwanyň daşary işler ministrleri we BMG-nyň Baş sekretary bilen Gazadaky sionist režimiň agressiýasy barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Şeýle hem Eýranyň Daşary işler ministri Yslam ýurtlarynyň Daşary işler ministrlerine, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryna, Goşulmazlyk Hereketiniň başlygyna we Afrika Bileleşiginiň Baş sekretaryna hat ýoldap, Eýranyň Gaza zolagynda bolup geçýän wakalara çuňňur alada bildirýändigini aýtdy.

Tags