Aug 08, 2022 15:35 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona sebäpli 54 näsag öldi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 ýokaşan 54 näsag öldi we bu keselden ölenleriň umumy sany 142,515-e ýetd.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, düýnden şu güne çenli Eýranda Covid-19 keselli 3379 täze hassa tapyldy we şolardan 853-si keselhanada ýerleşdirildi.

Bu habara görä, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sany 7,443,801-e ýetdi.

Şeýle-de şu wagta çenli 7 million 112 müň 890 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy.

Korona wirusy epidemiýasy dünýäde 6,436,837 adamyň ölmegine sebäp boldy.