Aug 11, 2022 15:06 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran sebitiň syýasy geografiýasyndaky üýtgeşmeleri kabul etmeýär

Eýranyň sebitiň syýasy geografiýasyndaky üýtgeşmeleri kabul etmeýändigini mälim eden Eýranyň prezidenti: Tähranyň Kawkaz sebitiniň parahatçylygy we durnuklylygy we ösüşi üçin ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaga taýýardygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Seýid Ybraýym Raisi Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň çarşenbe güni agşam eden jaňyna jogabynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary taryhy we çuň diýip häsiýetlendirdi we Tähran bilen Ýerewanyň arasynda durnukly ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmagy meýilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Eýran Respublikasynyň Prezidenti Kawkazda geçen günlerdäki konfliktlere yşarat edip: Üç taraplaýyn ýaraşyk şertnamasyna gol çekenlere öz düzgünlerine boýun bolmak we galan meseleleri gepleşik we diplomatik çözgütler arkaly çözmek Kawkaz sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy döretmegiň iň gowy usulydyr diýdi.

Bu telefon söhbetdeşliginde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky soňky konfliktler barada jikme-jik hasabat berdi.

Ermenistanyň premýer-ministri Tähran bilen Ýerewanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginden hoşaldygyny aýtdy we öz ýurdunyň iki ýurduň arasynda harytlaryň üstaşyr geçmegini ýeňilleşdirmäge we ýol we energiýa ýaly infrastruktura pudaklarynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Tags