Aug 11, 2022 18:14 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň täze hekaýalaryna Eýranyň reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Amerikanyň kazyýet häkimiýetleriniň täze hekaýalaryna jogap edip, Eýranyň raýatlaryna gülkünç aýyplama bahanasy bilen haýsydyr bir çäre görülmegi barada duýduryş berdi.

Çarşenbe güni agşam ABŞ-nyň Adalat ministrligi Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň agzasy bolan eýran raýatynyň Ak tamyň öňki milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltony öldürmek synanyşygynda aýyplanýandygyny öňe sürdi.

ABŞ-nyň Adalat ministrligi 45 ýaşyndaky aýyplanýanyň bu adam öldürmek üçin adamlary hakyna tutmak üçin 300 000 dollar tölemegi maksat edinýändigini toslady.

Bu beýannamada bu adamyň ýola berjek işiniň sebäbiniň, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň öňki serkerdesi general Gasem Soleýmanyň terror edilmegi üçin ar almakdygy öňe sürülýär.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani: Amerikanyň kazyýet häkimiýetleri bu ýurduň Eýran Yslam Respublikasyna garşy tükeniksiz aýyplamalarynyň we Eýrany gorkunç görkezmek boýunça şowsuz syýasatynyň dowam etmeginde, täze hekaýa aýdyp, dogry resminamalary we zerur resminamalary bermezden aýyplama bildirdiler.

Kanani sözüniň dowamynda: Şeýle esassyz talaplar syýasy maksatlar we sebäpler bilen öňe sürülýär we hakykatdan gaçmakdyr, we esasanam Amerikanyň hökümetiniň gönüden-göni gatnaşýan köp sanly terrorçylyk jenaýatlaryna şol sanda general Şehit Soleýmanyň gorkak terror edilmegi ýaly jenaýatyna jogap bermek jogapkärçiliginden gaçmak ýa-da sionist režim we Amerikanyň goldawy bilen DAEŞ ýaly terrorçylyk toparlary tarapyndan edilen terrorçylyk jenaýatlaryň üstüni basyrmakdyr diýdi.

Ol şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy, bu gülkünç aýyplamalar bahanasy bilen Eýran raýatlaryna garşy görüljek çärelere berk duýduryş berýär we Eýran Yslam Respublikasy hökümetiň we raýatlaryň hukuklaryny goramak üçin halkara hukugynyň çäginde haýsydyr bir çäre görmek hukugynyň bardygyny nygtaýar diýdi.

Tags