Aug 11, 2022 19:20 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň täze aýyplamalaryna we hekaýalaryna Eýranyň reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" Amerikanyň kazyýet häkimiýetleriniň täze hekaýalaryna jogap edip, Bu gülkünç aýyplamalar bahanasy bilen Eýran raýatlaryna garşy görüljek çärelere duýduryş berdi.

Kanani  şeýlede,Bu ýurduň, Eýran Yslam Respublikasyna garşy tükeniksiz aýyplamalarynyň we şowsuz Eýran-fob syýasatynyň dowam etmeginde, Amerikanyň kazyýet edaralary dogry subutnamalar we zerur resminamalar bermezden aýyplamalary öňe sürýär diýdi.

Kanani sözüniň dowamynda Şeýle esassyz talaplar syýasy maksatlar we sebäpler bilen öňe sürülýär we esasan propaganda atmosferasyny döredýär we Amerikan hökümetiniň gönüden-göni gatnaşýan köp sanly terrorçylyk jenaýatlaryna jogap bermek jogapkärçiliginden gaçýar diýdi.   Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani",General Şehit Soleýmanyň terror edilmeginde ABŞ-ynyň dahylçylygy bar diýip sionist režimiň we ABŞ-nyň goldawy bilen DAEŞ ýaly terrorçylyk toparlary terrorçylykly jenaýatlary etýär diýip nygtady.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň Adalat ministrligi Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň agzasy bolan Eýran raýatyny Ak tamyň öňki Milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltony öldürmek synanyşygynda aýyplap, beýanat ýaýratdy. ABŞ-nyň Adalat ministrligi 45 ýaşyndaky aýyplanýanyň Boltony terror etmek üçin adamlary hakyna tutmakda 300 000 dollar tölemegi maksat edinendigini öňe sürdi. Bu beýannamada bu adamyň sebäbiniň, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň öňki serkerdesi general Kasem Soleýmanyň terror üçin ar almakdygy öňe sürülýär. "Aksius" habarlar web sahypasy ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň öňki Döwlet sekretary Maýk Pompeoga, Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Jon Boltondan soň ministrlik tarapyndan teklip edilen hamana dildüwşügiň ikinji nyşanydygyny aýtdy. Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Saliwan bu beýanaty bereninden soň: "Baýden administrasiýasy ähli amerikalylary zorluk we terrorçylyk howplaryndan goramak üçin eglişik etmeýär" -diýdi.

Wenadaky sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde Eýranyň güýçli we mäkäm pozisiýalaryna garşy passiw pozisiýa eýelän ABŞ häzirki ýagdaýdan gaça durmak we metbugaty we Eýrana garşy wagyz urşuny esassyz aýyplamalar bilen güýçlendirmek ýaly görünýär.  

 Waşingtonyň täze aýyplamasyna ünsi çekip, Eýranyň diplomatik ulgamynyň metbugat sekretary Kanani şeýle diýýär: Bu sapaklara meňzeş we esassyz rowaýatlary dokamak Amerikanyň kazyýet we propaganda ulgamynda gaýtalanýan prosedura öwrülýär we bu gezek bu ssenariýalary döretmek barada, bankrot syýasy elementler we Bolton ýaly biderek bu tendensiýany öňe sürmek üçin ulanyldy diýip aýrtdy.

 

Tags