Aug 11, 2022 21:13 Asia/Ashgabat
  • Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretarynyň hatyna beren jogaby

Hezreti Aýatolla Hameneýi, Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretarynyň hatyna jogap edip, Yslam Jihadynyň batyrgaý garşylygyny bu hereketiň garşylykdaky pozisiýasynyň ýokarlanmagynyň we Sionist režimiň hileleriniň puja çykmagynyň we burnunyň ýere çalynmagynyň sebäbi hasapladylar.

Penşenbe güni Ýokary Lideriň edarasynyň maglumat bazasyna görä; Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri, Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary "Ziýad al-Nahleh"-nyň hatyna jogap edip, soňky wakanyň Palestina Yslam Jihad Hereketiniň abraýyny iki esse ýokarlandyrandygyny we Yslam Jihadynyň Palestina halkynyň şöhratly garşylyk hereketindäki pozisiýasyny beýgeldendigini aýtmak bilen syz batyrgaý garşylygyňyz bilen, basyp alyjy režimeiň aldawly syýasatyny zyýansyzlandyrdyňyz we garşylyk toplumynyň her böleginiň duşmanyň burnuny ýere çalyp biljekdigini subut etdiňiz diýip beýan etdiler.

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri sözüniň dowamynda: Gazadaky Mujahidleri beýleki garşylyk güýçleri bilen jihad hereketine goldaw bermek bilen, Palestina milletiniň jyhadynyň bitewiligini birleşdirip bildiňiz we Palestina halkynyň erbet we aldawçy duşmana garşy jihadynyň bitewiligini görkezip başardyňyz diýip aýtdylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri, Palestina toparlarynyň ähli Palestina topraklarynda edýän tagallalarynyň agzybirligi saklamak bolmalydygyny aýtmak bilen basyp alyjy duşman gowşaýar we Palestina garşylygy güýçlenýär we biz hemişe siziň tarapyňyzdadyrys diýip sözlerine goşdylar.

Ziad Nahale, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna ýazan hatynda palestinaly mujahitleriň, esasanam Yslam Jihad hereketiniň we Saraýa al-Kudsyň harby ganatynyň bütin Palestinde, esasanam Gazada we Günbatar Şeriýada bardygyna yşarat edip Jihad garşylyk batalýonlarynyň bolmagy bilen, Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky sionist režim bilen çaknyşyksyz bir gün geçmeýär diýdi.

Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary Gazadaky ýagdaýy beýan edende, bu sebitiň basyp alyjy režime garşy güýçli pozisiýasyna ünsi çekmek bilen soňky üç günlük çaknyşyk barada agzap biz bütin güýji we dildüwşükleri bilen agzybirligmizi ýok etjek bolýan duşmanymyza garşy milletimiziň jebisligini bellemek üçin bu konfliktlere (meýdanlaryň birleşmegi) diýip atlandyrdyk diýdi.

Ziýad Nahale şeýle-de bu söweşde tutuş basyp alynan Palestina topragynyň Yslam Jihad garşylygynyň raketalarynyň astyndadygyny aýtmak bilen bu söweş sionist režimiň çaklamalaryny şeýle bir bozdy welin, üç günüň içinde ýaraşyk talap edip, garşylyk şertlerini kabul etmäge mejbur boldular diýdi.