Aug 12, 2022 14:44 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýranyň howpsuzlygy, generallaryň we esgerleriň iki meýdanda we diplomatiýada eden tagallalarynyň netijesidir

Eýranyň Daşary gatnaşyklar strategiki geňeşiniň sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň sebit syýasatlary Eýrana meýdanda we diplomatiýada howpsuzlyk we ygtyýarlyk getirdi diýdi.

Siriýa we Yrak hökümetleriniň haýyşy boýunça Eýran Yslam Respublikasy bu ýurtlara Takfiri we Daeş terrorçylaryna garşy göreşde maslahat berdi we netijede, Yrak we Siriýa, Eýran Yslam Respublikasynyň we garşylyk toparlarynyň kömegi bilen Takfiri we Daeş terrorçylaryna garşy ýeňiş gazandy.

ISNA habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň sekretary Seýid Abbas Aragçi twitter sahypasynda "Eýranyň sebit syýasatlary, meýdanda we diplomatiýada ýurda howpsuzlyk, mertebe we abraý getirdi; Daeş jenaýatçylaryna garşy göreşde Eýranyň howpsuzlygy üçin janyny pida eden generallar we esgerler hemişelik buýsançdyr " diýip ýazdy.