Aug 12, 2022 16:11 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň hatyby zalymlykly sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşiklerde zerur kepillikleriň alynmagyny nygtady

Tähranyň juma namazynyň hatyby Amerikanyň Eýrana garşy alyp barýan zalymlykly sanksiýalaryny ýatyrmak üçin gepleşiklerde zerur kepillikleri almaga ünsi çekdi.

Hojjatul-Islam "Kazem Sediqi", Tähranda juma namazynda Amerikanyň Eýrana garşy alyp barýan rehimsiz sanksiýalaryny ýatyrmak üçin gepleşikleriň gidişine yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy öz borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirýär we garşydaş taraplar wadalaryny bozup, halkara ýadro şertnamasyny ýerine ýetirmediler diýdi.

Tähranyň juma namazynyň hatyby, sionist režimiň soňky hüjümlerini we bu basyp alyjy  režimiň palestina halkyna garşy eden jenaýatlaryna ünsi çekip şeýle diýdi: bir wagtlar Ysraýyl araplara garşy alty günlük söweşde ýeňiş gazanyp bilýärdi, emma Liwanyň Hizbullahynyň döremegi bilen, 33 günlük söweşde sionist režimiň ýeňilmezekligi baradaky rowaýat çydam toplumyň güýçli gollary bilen puja çykdy diýip beýan etdi.

Hojjatul-Islam Siddiqi: Soňky söweşde garşylyk güýçleriniň hemmesi söweş meýdanda bolmasa-da, Gaza zolagyndaky Yslam Jihady ýüzlerçe raketa atyp, sionistleri höwürtgelerine pena getirmäge we ýaraşygy kabul etmäge mejbur etdi diýip nygtady.

Tähranda juma namazyny hatyby sözüniň dowamynda Eýranyň “Haýýam” hemrasynyň uçurylmagy barada-da şeýle diýdi: “Bu emeli hemrany kosmosa ibermek, hüşgärlik, umyt, ynam, agzybirlik, dolandyryjylyk we ýurduň ösüşine bolan ynam bilen gazanylan maksatly täze ylmy üstünlikleriň biridir.

Tags