Aug 16, 2022 16:31 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona sebäpli 78 näsag öldi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 ýokaşan 78 näsag öldi we bu keselden ölenleriň umumy sany 143,093-e ýetd.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, düýnden şu güne çenli Eýranda Covid-19 keselli 5972 täze hassa tapyldy we şolardan 113-si keselhanada ýerleşdirildi.

Bu habara görä, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sany 7,488,493-e ýetdi.

Şeýle-de şu wagta çenli 7 million 190 müň 330 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy.

Korona wirusy epidemiýasy dünýäde 6,457,073 adamyň ölmegine sebäp boldy.