Aug 16, 2022 16:51 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Häzirki zaman dünýäsinde döwürebap ylym we tehnologiýa güýç nyşanyna öwrüldi

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Häzirki zaman dünýäsinde häzirki zaman ylym we tehnologiýa güýç nyşanyna öwrüldi diýdi.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy "Muhammet Eslami" şu gün güýç we onuň düzüm bölekleriniň sosial baýlyklar bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtmak bilen indi ýangyç sikli we atom meýdany güýç meýdany hasaplanýarndyr diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şeýle-de Bagtymyza, soňky ýyllarda tagallalar we hyzmatdaşlyk, şeýle hem Eýran Yslam Şura Mejlisiniň strategiki hereket kanunynyň täsiri bilen, ýadro ylalaşykdaky gepleşiklerinde Eýranyň deňagramlylygy we öňüni alyş çäresi güýçlendirildi we Eýran Yslam Respublikasy öz borçnamalaryna gaýdyp gelmegini we sanksiýalaryň ýatyrylmagyny talap edýär diýdi.

Eýranyň köp sanly 1-nji we 6-nji nesli sentrifugany öndürmek arkaly baýlaşdyryş kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrundaky täze ýadro ösüşi, Eýranyň parahatçylykly ýadro kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda möhüm ädim hasaplanýar.