Aug 28, 2022 11:33 Asia/Ashgabat
  • Sionistleriň, Baýden hökümetine ýadro şertnama barada täsir etmek synanyşyklary

2015-nji ýyldan bäri ýadro şertnamasyna hemişe negatiw garaýan Sionist režimi we Amerikadaky Sionist lobbiler, häzirki wagtda ABŞ-nyň ýadro şertnama dolanmak mümkinçiligini göz öňünde tutup, Baýden hökümetini bu karardan dändermegi talap etýärler.

Şunuň bilen baglylykda, soňky hepdelerde Ysraýyl resmileriniň Amerika sapary artdy. Bu mesele bilen baglanyşykly iň soňky ýagdaýda Ysraýylyň söweş ministri Benni Gantz 25-nji awgust, penşenbe güni,Amerikaly kärdeşi we Baýden administrasiýasynyň beýleki işgärleri bilen duşuşmak üçin Waşingtona uçuşynyň başynda twitterde , " ýadro şertnamasy boýunça Amerikanyň resmileri bilen gürrüň etjekdigini ýazdy.

Gantzyň pikiriçe, taýýarlanylýan ýadro şertnamasy "Eýranyň mümkinçiliklerini birnäçe ýyllap yza tesdirmez we geljek ýyllarda çäklendirmez". Şeýle hem, bu "global we sebit howpsuzlygyna zyýan berýän" ylalaşykdyr diýip aýtdy.

Aslynda, bu sapar Eýran bilen ýadro şertnamasyny baglaşmagyň ýoluny petiklemek synanyşygy bilen baglydyr.

Sionist režimeimiň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy "Aýal Holata" geçen hepde ABŞ-a eden sapary wagtynda Amerikan resmilerine ,metbugata ýaýradylan şertnamanyň taslamasynyň ABŞ-nyň beren borçnamalaryna ters gelýändigini duýdurdy. Ol şeýlede,Tel Awiwiň soňky pursata çenli Eýran bilen dünýä güýçleriniň arasynda ýadro şertnamasynyň baglaşylmagyna garşy durmak isleýändigini aýtdy.

Aslynda, soňky iki ýylda Sionist režimi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Demokratik Prezidenti Jo Baýdeniň beren wadasyny göz öňünde tutup, Eýran baradaky ýadro şertnama garşydygyny yglan etmek bilen, bu ugurdaky tagallalary ýeňmek üçin elinden gelenini etdi. Tel Awiwiň hemişelik islegi, Eýran bilen 4 + 1 topary bilen we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda haýsydyr bir ylalaşyk gazanyp bilmezlik, şeýle hem Eýrana garşy iň ýokary basyş kampaniýasynyň dowam etmegi boldy. Mundan başga-da, sionist režimi,näçe gezek, Eýranyň ýadro desgalaryna garşy harby hüjüm bilen haýbat atdy.

Şeýle-de bolsa, Baýden hökümeti,  , ýürekden bolmasada Amerikanyň bähbitleri ýadro şertnama gaýdyp barmak we şonuň üçin sionistleriň garşylygyna we Amerikadäki sionistleriň wagyz-nesihatlaryna we lobbisine garamazdan, netijä geldi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Eýran bilen gytaklaýyn gepleşikler dowam edýär.

 

 

 

 

Tags