Aug 30, 2022 21:26 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Günbatar taraplary Eýranyň Ukraina meselesini çözmekde rol oýnamagyny islediler

Eýranyň Daşary işler ministri: Günbatar taraplary Eýranyň Ukraina meselesini çözmekde rol oýnamagyny islediler.

Sişenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Russiýa sapary barada gürrüň gozgap bu saparyň esasy maksady, Eýran Yslam Respublikasyndan haýyş edilmegi esasynda Ukrainadaky krizisi çözmäge synanyşmakdyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi we Owganystan meselesi hem Moskwa saparynyň gün tertibindedigini aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni Moskwada duşuşýarlar.

Geçen hepde Lawrow Amir Abdollahian bilen ýakyn günlerde duşuşygyny yglan etdi.

Ukrainadaky krizis başlaly bäri, Eýranyň Daşary işler ministri Ukrainanyň Daşary işler ministriniň habaryny Russiýa iki gezek ýetirdi.

Tags