Sep 03, 2022 20:08 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary derejeli lideri: Yslam respublikasy ulumsylygyň ýedi kelleli aždarhasyny şowsuz edendir

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Ahle-Baýt (AS) Bütindünýä Assambleýasynyň agzalary we bu ýygnagyň ýedinji gurultaýyna gatnaşýan myhmanlar bilen duşuşygynda Yslam respublikasy Ahle-Baýtyň ylhamy bilen ýedi kelleli ulumsylyk aždarhany şowsuz edip ösüp öňe gitdi diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri şu gün (şenbe) geçirilen ýygnakda Ahle-Baýtyň beýikligini we meşhurlygyny Yslam dünýäsinde üýtgeşik we taýsyz diýip atlandyrmak bilen Yslam respublikasy, eziji ulgamyna garşy Ahle-Baýtyň parlap duran baýdagy hökmünde yslam dünýäsinde hakyky dini, etnik, mezhep we jyns taýdan bölünişik ýok diýip hasaplaýar we ýeke-täk görnükli we hakyky bölünişik, Yslam dünýäsi bilen dünýädäki kapyrlar we ulumsylyk arasyndaky tapawutdyr diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de, häzirki wagtda Yslam respublikasynyň nusga we janly hakykat hökmünde her dürli duşmançylyga we hüjümlere garşy çydamlylygyny görkezip, täze ösen nahaly uly we köne agaja öwürip bilendigini aýtmak bilen elbetde, görelde bolmak syýasy gurluşa eýermegi aňlatman, eýsem Ymam Homeýniniň (RA) ýörelgelerine we usullaryna ýapyşmagy aňladýar diýdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, beýleki halklaryň sütemlere garşy durmagy höweslendirmegi agalyk ediji ulgamyň gahar-gazabynyň we duşmançylygynyň sebäplerinden biri hasaplady we şeýle diýdiler: Amerikanyň dürli ýurtlardaky jenaýat meýilnamalaryny şowsuz etmek, muňa mysal hökmünde DAEŞ-y ýok etmek, güýçli Iranofobiýa we şaýy-fobiýa propagandasyna sebäp boldy we Eýrany beýleki ýurtlaryň içeri işlerine goşulmakda aýypladylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri Yslam respublikasynyň beýleki ýurtlaryň içeri işlerine goşulmaýandygyny aýtmak bilen ezijileriň aýyplamalarynyň sebäbini Yslam ulgamynyň möhüm ösüşiniň öňüni alyp bilmezlikleri diýip atlandyrdylar, elbetde, hemmeler ulumsylygyň syýasatlarynyň garşysynda hüşgär bolmaly we olar bilen gitmeli däl diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, ulumsylygyň häzirki syýasatyny Yslam dünýäsindäki tapawutlary we real däl bölüniş çyzyklary uly görkezmek diýip aýtmak bilen şaýy bilen sünni, arap bilen arap däl, şaýy bilen şaýylar we sünniler bilen sünnileriň arasynda söweşe öjükdirmek we dildüwşük etmek uly şeýtan bolan Amerikanyň syýasatydyr we biz hüşgär bolmalydyrys diýip beýan etdiler.

Ahyrynda Aýatolla Hameneýi Hezretleri Yslam dünýäsiniň geljeginiň ýagtydygyny we şaýy jemagatynyň bu meselede uly rol oýnap biljekdigini aýtdylar.