Sep 18, 2022 22:54 Asia/Ashgabat
  • ABŞ bilen tussaglary çalyşmaga taýýardygyny Eýranyň yglan etmegi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani ISNA habar gullugyna beren interwýusynda dürli meseleler baradaky soraglara jogap berdi.

Berlen soraglaryň biri şeýle boldy; Ýadro ýlalaşygyny dikeltmek üçin gepleşikleriň çäginde ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň biri Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda tussaglaryň alyş-çalşygydyr. Bu ýlalaşygyň gaýtadan dikeldilmegine bolan umytlar belli bir derejede azaldy öýdýän, Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky tussaglaryň alyş-çalyşy name boldy? Diýip sorag berdiler.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bu meselede tussaglaryň alyş-çalyş meselesiniň ýlalaşyk prosesi bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny mälim edenimizde, ýlalaşyk bilen ýa-da ýlalaşyksyz, tussag meselesini çözmäge taýýardyrys diýip aýtdy.Indi ABŞ-nyň hökümetiniň bu alyş-çalyş etmek ýa-da etmezlik kararyna garaşýarys diýip Kanani aýtdy.

Kanani, tussaglary çalyşmaga taýýardygymyzy eýýäm mälim etdik we henizem bu taýynlygymyz bar diýdi. Bu mesele bilen baglanyşykly gepleşikler dürli ýollar bilen geçirildi we taraplar zerur şertnamalar baglaşdy, indi bolsa bu şertnamany baglaşmak ýa-da baglaşmazlyk Amerikan hökümetiniň kararyna bagly we biz bu şertnamany ýerine ýetirmäge taýýardyrys diýdi.

Eýranyň, ABŞ bilen tussaglary alyş-çalyş etmäge taýýardygy baradaky habar, dürli sebäpler üçin türmede oturan iki ýurduň birnäçe tussagyň bolmagy sebäpli ýokarlandy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary munuň şeýledigini ençeme gezek öňe sürdi. ABŞ ,tussaglary çalyşmak isleýärs diýsede, ýöne her gezek bi bahana bilen ondan ýüz öwürdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň boşatmak isleýän tussaglary esasan sanksiýalary bozmak bilen baglanyşykly aýyplamalar boýunça sud edildi we türmä basylypdy. Beýleki tarapdan, bir topar eýran-amerikan raýaty dürli jenaýatlar üçin Eýranyň türmelerinde ýatandyrlar, Eýran bu daşary ýurtly raýatlaryň raýatlygyny kabul etmeýädi.

Eýran Yslam Respublikasyna garşy psihologiki atmosfera döretmek üçin käbir günbatar habar beriş serişdeleri mundan ozal Tähranyň tussaglaryň boşadylmagyny Wenadaky   gepleşikleriň gidişi ýa-da netijesi bilen baglay etmäge synanyşýp öňe sürüpdiler. Ýöne bu meseläniň Ýadro gepleşikleri bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny Eýran näçe gezek aýdypdy we ony durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny habar beripdi.

 

 .

 

 

 

 

 

 

 

Tags