Sep 20, 2022 09:15 Asia/Ashgabat

Ymam Huseýin(a.s)iň zyýaraty üçin Kerbela saparyna giden hanym Zeýnab Hbibli bilen söhbetdeşlik:

Hanym Habibli Al-e Rasul Hossarlary adyndaky kerwen-de biziň ýoldaşlarymyzyň biri;

Ýagşymy halyňyz hanym Habibli?

Gowy. Sag boluň.

Hanym Habibli okuw derejäňizi aýdaýsaňyz?

Men Zeýnab Habibli, kazyýetiň birinji derejedäki aklawçysy, Hususy hukuk boýunça magistr derejesi we biznesi dolandyrmak boýunça doktorlyk derejäm bar. Bütin hukuky we maşgala işlerinde we jenaýat dawalarynda aklawçy hökmünde 14 ýyl tejribäm barwe durmuşda Kümmediň kazyýet edarasynda işe maşul.

Siz Türkmen we sünni mezhebindemi?

Hawa.

Nähili bolup bu sapara geldiňiz?

Men ençeme ýyllap Kerbela gelmegi arzuwlap ýördim. Ýöne Yragyň howpsuzlyk ýagdaýy sebäpli zyýarata ýöriteleşdirlen saparlara çäklendirmeler girizildi diýip eşidipdim. 1393-nji ýyldan bäri merhum adamym rok keseleine duçar bolup ýatan mahaly(Kerbela) zyýarata bararyn diýip niýet edipdim ýöne gynanç bilen 1395-nji ýylda adamym dünýäden ötdi we ondan soňra hem özüm nähoş boldum we başga kynçylyklar ara geldi we şeýdip niýetimiz hasyl bolmady. Bu ýyl Gülüstan welaýatyndan alymlary we ulamalary şeýle-de hünärmentleri öz içine alýan Ale- Rasul Hossarlary adyndaky kerwen bilen hemra bolmak maňa nesip etdi. Özüm ruhany we ahun ojagynda önüp ösen adam oňa göra ähle- beýt-e we ymamlara ýörite yhlasymyz bar.