Sep 20, 2022 10:29 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Amerikadan esasy talaplary

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisine gatnaşmagyň öňüsyrasynda Eýranyň Yslam Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi CBS-iň 60 minutlyk gepleşiginde gürrüň etdi.

  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisine gatnaşmagyň öňüsyrasynda Eýranyň Yslam Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi CBS-iň 60 minutlyk gepleşiginde beren interwýusynda Amerikalylaryň şertnamany bozmagy sebäpli kepilliksiz şertnamanyň biz üçin manysyz bolýar diýdi.

Raisi: Amerikalylar şertnamany bozdular. Şeýle etdiler, borçnamany ýerine ýetirmeseňiz, şertnama manysyzdyr diýip nygtady. Eýranyň prezidenti şeýle-de Amerika ynanyp bilmeris, sebäbi ozal başdan geçiripdik; şertnama Kepillik bolmasa, ynamymyz bolmaz diýip aýtdy.

Raisiniň bellän başga bir meselesi, ABŞ-nyň 2018-nji ýylyň maý aýynda ýadro şertnamadan çykmagyndan soň Donald Trumpyň prezidentliginden bäri iň ýokary basyş kampaniýasynyň çäginde Eýrana garşy ulanylýan birtaraplaýyn sanksiýalar. Bu sanksiýalardan Eýran halkyna köp ýitgi we şikes ýetdi. Eýranyň prezidenti: Eýran halkyna garşy sanksiýalar gaty rehimsiz boldy we şonuň üçin sanksiýalaryň ýatyrylmagy bize möhümdir diýdi. (Sanksiýalar) biziň üçin çäklendirmeler we kynçylyklar döredýär. Emma (haçan) birnäçe ýurda sanksiýa berilse Şeýle etmek bilen bu ýurtlar biri-birine has ýakynlaşýarlar we birleşýärler we bu Amerikanyň sanksiýalaryny netijesiz edýär diýip Raisi belledi.

Eýranyň prezidentiniň ABŞ bilen gytaklaýyn amala aşyrylýan sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň çäginde Tähranyň talaplarynyň iki esasy ugruna ünsi, bu gepleşiklerde Eýranyň esasy ornuny ýene bir gezek görkezýär. Bu iki prinsipial talap kepillikleri üpjün etmek we sanksiýalary ýatyrmak Tähranyň Waşingtonyň wadasyny bozmagy baradaky ýiti tejribesi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy duşmançylykly hereketleri sebäpli teklip edildi.

 Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro şertnama tiz gaýdyp gelmegi baradaky ilkinji talaplara garamazdan, Baýden hökümeti bu ugurda gaty haýal hereket etdi we şol bir wagtyň özünde şertnama dolanmagyň zerurlygy barada birnäçe gezek aýdylýandygyna garamazdan Eýranyň talaplaryny kabul etmekden saklandy. bu ugurda hiç hili täsirli çäre görmedi. Aslynda, Baýden administrasiýasy, Trump administrasiýasy ýaly, Eýrana garşy sanksiýalar kampaniýasyny dowam etdirýär we hatda wagtal-wagtal täze sanksiýalary yglan edýär.  

 

Tags