Sep 23, 2022 14:23 Asia/Ashgabat
  • Raisi bilen Antonio Guterreşiň duşuşygy

Eýranyň prezidenti, BMG-nyň birtaraplaýyn hereketlere garşy çynlakaý rol oýnamagynyň zerurdygyny aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Aýatolla Seýid Ybraýym Raisi Nýu-Yorkork saparynyň dowamynda penşenbe güni agşam ýerli wagt bilen BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş bilen duşuşanda bu guramanyň halklara öz meselelerini çözmekde we daşary ýurtlularyň olaryň içerki işlerine gatyşmagynyň öňüni almakda rolunyň ähmiýetini aýtmak bilen  Birleşen Milletler Guramasy, güýçli ýurtlaryň guramasy däl-de has dogusy halklar guramasy bolmalydyr diýdi.

Raisi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasyny goňşulary üçin kyn günlerde dost diýip atlandyrdy we Eýranyň owgan immigrantlaryna gaçybatalga bermekdäki ynsanperwerlik hereketlerine hem-de sebit we dünýä üçin uly howp bolup durýan terrorçylyga garşy çynlakaý göreşlerine salgylanmak bilen onuň garşysynda, NATO bilen Amerikanyň sebitimizdäki işleriniň netijesi uruş, weýrançylyk, basyp alyş we adam öldürmek boldy diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň owgan bosgunlaryna gaçybatalga bermek ugrundaky alyp barýan işlerine ýokary baha berdi we Eýranyň Ýemende ot açyşlygy bes etmekdäki ornuny öwgä mynasyp diýip atlandyrmak bilen Amerikanyň ýadro şertnamasyndan çykmagy konstruktiw däl we gaty gynandyryjy hereketdi diýip beýan etdi.

Antonio Guterreş, Eýranyň sebit gepleşikleri üçin çarçuwany döretmek baradaky başlangyjyny konstruktiw we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanýandygyny aýdyp Eýran Yslam Respublikasynyň adam hukuklary meselesindäki pozisiýasyny tassyklady we adam hukuklary ýurtlara garşy söweş guraly hökmünde ulanylmaly däldigini nygtady.

BMG-nyň Baş sekretary Korona wirusyna garamazdan Eýrana garşy sanksiýalaryň togtadylmaýandygyna nägileligini bildirmek bilen Eýranyň köne siwilizasiýasy bar we häzirki dünýäniň aýrylmaz we jedelsiz bir bölegidir we Yslam Respublikasynyň Ýemen, Yrak, Siriýa, Liwan we Owganystan meselelerini halky tarapyndan çözmek baradaky pikirleri dogry we paýhaslydyr diýip sözlerine goşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň 77-nji Baş Assambleýasyna gatnaşandan soň, şu gün Nýu-Yorkorkdan Tährana tarap ugrady.